BILIM

Türkmen mekdep okuwçylary halkara himiýa olimpiadasyndan medally dolandylar

13 — 25-nji iýul aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Sýurih şäherinde 55-nji Halkara himiýa olimpiadasy geçirildi. Ol mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän bäsleşikleriň arasynda iň görnüklileriniň biridir. Her ýyl oňa uly isleg bildirilýär. Şu gezekki bäsleşige dünýäniň 89 döwletinden ýaşlaryň 348-si, şol sanda ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylaryndan hem saýlanan topar gatnaşdy. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bellenilip geçilýär.

Türkmen toparynyň düzüminde çykyş eden Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçylary Yhlas Jumaýew kümüş, Ýakup Annaorazow, Begzada Annaýew hem-de 10-njy synp okuwçysy Aýgül Atajanowa bürünç medallary gazanmagy başardylar.

Topara ýolbaşçylyk eden ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň himiýa mugallymy Nazar Mämmedow öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:

—Ýurdumyzda geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesliň döwrebap bilim almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Zehinli ýaşlarymyz özleri barada edilýän aladalara jogap edip, okuwlaryny has gowy okap, doly özleşdirýärler, muny halkara olimpiadalarda, ders we taslama bäsleşiklerinde gazanýan ýeňişleri bilen subut edýärler. 55-nji Halkara himiýa bäsleşigine hem okuwçylarymyz yhlasly taýýarlandylar.

Related posts

TÜRKMEN DÖWLET YKDYSADYÝET WE DOLANDYRYŞ INSTITUTY

Kaliforniýada Türkmen mekdep okuwçylary Ata Watanymyzy tanyşdyrdy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Halkara nebit we gaz uniwersiteti “THE Sustainability Impact Ratings 2026” dünýä reýtingine girizildi

Leave a Comment