Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Halaf Halafow ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Şeýle hem ýurduň döwlet Baştutanynyň gol çeken başga bir resminamasyna laýyklykda, Halaf Halafow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýörite tabşyryklar boýunça wekili wezipesine bellendi.
Bu barada Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Halaf Halafow daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinden 1997-nji ýyldan bäri işläp gelýärdi. 2019-njy ýylda onuň üstüne serhetler we Hazar deňzi boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýörite wekili wezipesin hem ýüklenipdi.
