BIZNES

Türkmenistan “Ekspo-2023 Doha” halkara sergisine gatnaşar

2023-nji ýylyň 17-21-nji iýul aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Katar Döwletiniň Doha şäherine iş sapary amala aşyryldy.

Iş saparynyň esasy maksady 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde “Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl tebigat” şygary bilen geçiriljek “Ekspo – 2023 Doha” atly halkara sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk işleri ara alyp maslahatlaşmak bolup durdy.

Netijeli gepleşiklerden soňra, “Ekspo – 2023 Doha” atly halkara sergisine Türkmenistanyň bu abraýly halkara çäresine gatnaşmagy bilen bagly degişli bolan şertnama gol çekişmek dabarasy boldy.

Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň Katar Döwletine saparynyň çäklerinde Katar Döwletiniň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek babatynda duşuşyk hem guraldy.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy