SIZDEN GELENLER

Ählumumy ösüşleriň ýoly bilen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bedew batly ösüşleriniň has giňden, has aýdyň ýüze çykýan pursatlary bilen halkymyzyň geljege ynamyny berkidýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen alty aýynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda üstünlikler gazanyldy. Bu döwürde Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly wakalar bolup geçdi. Şol wakalaryň her biri türkmen döwletiniň ählumumy ösüşi ilerletmekde, sebitiň hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini artdyrmakda mynasyp ornunyň bardygyny dünýä äşgär etdi.

Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik ulgamyny kämilleşdirmekde, demokratik ösüşleri ilerletmekde, döwletimiziň we jemgyýetimiziň hukuk binýadyny pugtalandyrmakda hem möhüm ädimler ädildi. Durmuş, medeni-ynsanperwer ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly has düýpli öňegidişlikler gazanyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde şu ýylyň 6 aýynda ýerine ýetirilen işlere seljerme berildi, geljekki ösüşlere badalga berjek wajyp wezipeler kesgitlendi. Şu döwürde ýetilen sepgitler durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilýändigini ýene-de bir gezek tassyklaýar. Mejlisde 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna göni täsir edýän we maddy üpjünçilik derejesini kesgitleýän şertleriň biri bolan aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim artdyrmak babatda kabul edilen çözgüt raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmekde berk maddy binýadyň döredilendigini aňladýar.

Döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň eşretli, döwrebap durmuşyny üpjün etmek baradaky il-ýurt bähbitli başlangyçlarynyň netijesinde bu gün güneşli Diýarymyz ösüşiň belent derejelerine ýetýär. Badalga berilýän düýpli özgertmeler durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap alýar, her bir günümiz ýaşaýşymyzyň mundan beýläk-de gowulanmagynda oňyn täsiri bolan tutumly başlangyçlara beslenýär. Ýurdumyzyň raýatlarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen şunuň ýaly giň möçberli başlangyçlaryň çäklerinde halal zähmet çekmek hem-de onuň hözirini görmek üçin hemme şert-mümkinçilikler döredilýär. Şonuň üçinem il-ýurt bähbitli işleriň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegine mynasyp goşant goşmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyz bolup durýar.

«Biz Türkmenistan atly beýik döwletde, parahat we arassa asmanyň astynda, uzak hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamalydyrys, abadan we gül ýaly durmuşymyza buýsanmalydyrys» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Diýarymyzda ösüş-özgerişler ähli ugurlarda sazlaşykly amala aşyrylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gazanylýan guwandyryjy netijeler, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň görkezijileri adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurdygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Bular Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleriniň rowaçlanýandygynyň güwänamasy bolup dabaralanýar.

Innowasion tehnologiýalaryň batly depginler bilen ösýän zamanasynda ýurdumyzyň durmuşynda ýaşlaryň eýeleýän orny barha pugtalanýar. Ýaşlara uly ynam bildirilip, olar durmuş taýdan ygtybarly goralýar. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi munuň subutnamasydyr. Bu Kanun ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýär. Şeýle hem ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginde hem-de olaryň kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeginde döwlet goldawynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, onuň maksady Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmek bilen baglanyşyklydyr.

     Ejeş Taganowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri