SIZDEN GELENLER

Açyk kosmosda ilkinji emeli öndürilen et

Kosmos stansiýanyň içinde öndürilen et ýere gondy. Bu önümçilik bilen meşgullanýan kompaniýa 2025-nji ýyla çenli bu ugurda degişli işleri geçirmekçi bolýar.

2019-njy ýylyň sentýabr aýynda iýmit tehnologiýasynyň başyny başlan “Aleph Farms” kompaniýasy Halkara kosmos stansiyasynyň Russiýa Federasiýasyna degişli bolan bölüminde, 3D Printer kiçi-möçberde bolan haýwanyň dokumasyny ýygnaýar. Onümçilik usuly hökmünde sygryň bedeniniň içindäki tebigy regeneratiw/ dikeldiji häsiýetleri/alamatlary bilen myşsa/beden etiniň dokumalary ulanyldy. Bütin sygyr ösdürip ýetişdirilmegine derek, onuň öýjüklerini/kletka çöplemek, hem-de olary gözegçilik ýagdaýda/şertde köpeltmek mümkindir.

Bu tejribe biziň planetamyzyň çäginiň daşynda öndürilen et bolman, eýsem bu tejribe haçan-da çeşmeleriň adatdan daşary ýagdaýda ýetmezçilik edende hem ulanylyp boljakdygyny görkezýär.

Maýsa Akmyradowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Bilimi dolandyrmak ugry boýunça magistranty.

Related posts

“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” bäsleşiginiň täze tapgyry başlaýar

Ata Watan Eserleri

Saglyk – abadançylyk

Görkana Nowruz ýaýlasy – Bitaraplygyň aýnasy