JEMGYÝET

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Şol mejlisde Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, podpolkownik Amanmuhammet Şyhgulyýewiç Sazakow Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine bellendi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, ozal bu gullugyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek işi üstüne ýüklenen A.Sazakow gullugyň başlygynyň wezipesi bellendi.

Mälim bolşy ýaly, 14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde polkownik Batyr Seýtgeldiýewiç Wolsahatow Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesinden boşadylyp,  Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesine bellenipdi.

 

Related posts

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidentiniň Türkmenistana sapary

Türkmenistan’daki tarihi mekanlar için fon oluşturuldu

vepa

Döwlet münberiniň toplumy ulanmaga berildi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment