JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalarynyň arasynda ähtnama gol çekildi

Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýew dabaralara gatnaşmak üçin gelen Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilen duşuşdy.

Duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň arasynda ynsanperwer gatnaşyklaryň ähmiýete bellendi. Şol sanda iki dostlukly döwletiň ynsanperwer düzümleriniň arasynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi babatda pikir alşyldy.

Şeýle hem duşuşygyň netijeleri boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.

Bu resminama türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary hil taýdan täze derejelere çykaryp, dostlukly döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrar.

Related posts

Haj zyýaratyna welosipedli

vepa

Altyn Asyr’ın AFC CUP’taki yeni zaferi

vepa

Howa maglumaty metbugatda yzygiderli berler