JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdene ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris we onuň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de giňeldiljekdigine berk ynam bildirýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Jozef Baýdene tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Related posts

Milli Liderimiz: türkmen tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen Türkiýä ibermek boýunça ylalaşyldy

Ahmet Demirok: Türkmenistanda Türkiýä wekilçilik etmek türk diplomaty üçin uly buýsançdyr

Neşiriň taryhynda ilkinji gezek

Leave a Comment