DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Ysraýylyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministri Eli Koen bilen telefon söhbetdeşligi geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerine seredildi.

Hususan-da, taraplar iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak arkaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar.

Türkmen tarapy köptaraplaýyn meýdançalarda, ilkinji nobatda, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň işjeň ýagdaýda alnyp barylýandygyny belledi.

Telefon söhbetdeşligi Ysraýyl tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Ýene-de okaň

Prezident Ärdogan: Türkiýe durnukly ösýär

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi