MEDENIÝET

Döwletjan Ýagşymyradow meşhur türk serialynda surata düşer

Türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow «Kuruluş: Osman» atly meşhur türk serialynyň dördünji möwsüminiň täze bölüminde surata düşýär.

Türgen batyr esger Balaban Alpyň keşbini ýerine ýetirýär. Täze seriýa eýýäm «ATV» teleýaýlymynda hödürlendi. Ýagşymyradow bolsa bu filmden Osman begiň köp sanly duşmanlary bilen söweşýän pursatlaryny “Instagram” sahypasynda ýerleşdirdi.

Türkmen pälwany bu seriala düşmek hakyndaky teklibi ozal kabul edipdi. Ol taryhy serialyň üçünji möwsüminiň final seriýasynda keşp janlandyrypdy.

Taryhy başdan geçirmeleri özünde jemleýän «Kuruluş: Osman» atly serial 2019-njy ýyldan bäri «ATV» teleýaýlymynda kino muşdaklaryna ýetirilýär. Bu ýerde Osman imperiýasynyň düýbüni tutujy Osman Gazynyň tagta geçmegi bilen bagly sahnalar görkezilýär.

33 ýaşly türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow häzirki wagtda «Bellator» promouşeniniň wekilidir. Ol şu wagta çenli çykan duşuşyklarynyň 20-sinde ýeňiş gazanan türgenleriň biridir.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy