Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakyndaky kanunçylyga laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça sanly ulgam hem-de ykjam mobil goşundysy arkaly bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär.
Bäsleşikli söwdada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň, Aşgabat şäher, Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýat häkimlikleriniň satuwa çykarýan desgalarynyň sanawy bilen «Türkmenistan» we «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetleriniň şu gün — 19-njy iýundaky sanynda tanyş bolup bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
Aşgabat şäherinde (+993 12) 92-12-97, 92-11-34; 39-46-09/63/69;
Änew şäherinde (+993 137) 33-0-21, 33-1-80;
Balkanabat şäherinde (+993 222) 7-89-34, 7-89-17, 7-89-53;
Daşoguz şäherinde (+993 322) 9-10-19, 9-15-10;
Türkmenabat şäherinde (+993 422) 6-11-52, 6-11-59;
Mary şäherinde (+993 522) 6-06-87, 6-05-41.
Bäsleşikli söwda 2023-nji ýylyň 5-nji iýulynda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda geçirilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.
