DÜNÝÄ

BMG-niň Baş sekretary Aşgabatdaky sebit merkezine täze ýolbaşçy belledi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine täze ýolbaşçy belledi. BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesinde gruziýaly Kahi Imnazde bellendi.

Kahi Imnazde bu wezipä köp ýyllaryň dowamynda BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesinde işlän moldowaly Natalýa Germanyň ornuna bellendi.

Gruziýaly diplomatyň 30 ýyllyk diplomatiýa ugry boýunç iş tejribesi bardyr. Ol öz ýurdunyň diplomatik gullugynda 1989-njy ýylda işe başlap, köp sanly wezipelerde işledi.

Imnadze häzirki wagtda Gruziýanyň Kanadadaky ilçisi hem-de Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilidir. Şeýle hem 2013-2022-nji ýyllarda Gruziýanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili boldy.

Gruziýaly diplomaty 10 ýyl töweregi hususy pudakda hem zähmet çekdi. Ol Tbilisiniň döwlet uniwersitetiniň uçurymydyr. Gruzin, iňlis we rus dillerini bilýär.

Related posts

1301 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi

Türkmenistanyň ÝUNESKO goşulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

Leave a Comment