SPORT

Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty Bahreýnde geçiriler

2024-nji ýylda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty Bahreýnde geçiriler. Bahreýn bilen bir hatarda Ermenistan we Albaniýa bu dünýä çempionatyny kabul etmek üçin dalaşgär boldy.

Bahreýniň Agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy, Aziýanyň agyr atletika boýunça federasiýasynyň dolandyryjyar geňeşiniň iş ýaş agzasy Eshak Ebrahim Eshak Halkara agyr atletika federasiýasyna minnetdarlyk bildirdi.

Çempionaty öňümizdäki ýylyň noýabr-dekabr aralygynda Bahreýniň paýtagty Manama şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar. Ol Pariž şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan bir-iki aý soňra geçiriler.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda Bahreýnde agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty geçirilipdi. Ol hem Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýokary bahasyna mynasyp bolupdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy