SPORT

Salahdan dogduk obasyna sahawat

«Liwerpulyň» we Müsüriň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Muhammet Salah Nagrig obasynda alnyp barylýan koronowirusa garşy göreşe maddy ýardam berdi. Bu barada «Mirror» gazeti habar berýär.

Çeşmäniň ýazmagyna görä, futbolçy bu obada ýerleşýän hassahana üçin kislorod balonlarynyň uly toplumyny satyn alyp berdi.

Bu ynsanperwer hereket Salahyň dogduk obasy üçin eden ilkinji ýagşylygy däl. Onuň geçen ýylyň aprelinde obanyň ýaşaýjylary üçin birnäçe müň tonna azyk-owkat satyn alandygyny we bu ýerde saglyk merkeziniň gurulmagy üçin 30 müň funt-sterling möçberinde serişde goýberendigini ýatladýarys.

Ýeri gelende aýtsak, dünýä ýyldyzy 1992-nji ýylyň 15-nji iýunda Müsüriň Basýun şäheriniň golaýynda ýerleşýän hut şu obada dünýä indi.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Ýene-de okaň

Lionel Messiniň dünýä çempionatyndaky täze rekordy

Kabo-Werdeniň derwezeçisi “Instagramda” 5,5 milliona yzarlaýja ýetdi

Erwe Renar dünýä çempionatynda Tunisiň ýygyndysyna tälim berer

Dünýä çempionatynyň 2-nji zenan emini

Tunis çempionat döwründe baş tälimçisini wezipesinden boşatdy

Mark Kukurella “Real Madrid” toparyna geçdi