BIZNES

Türkmenistanyň gatnaşmagynda gaz merkezi dörediler

Eýran Yslam Respublikasy Russiýanyň, Kataryň hem-de Türkmenistanyň gatnaşmagynda Pars aýlagynyň demirgazyk kenaryndaky Buşer welaýatynynda ýerleşýän Assaluýe senagat sebitinde gaz merkezini döretmegi meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň nebit ministri Jawad Ouji habar berdi.

– Biziň tebigy gaz gorlarymyz bar. Şonuň üçin Assaluýe etrabynda Russiýa, Katar hem-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda gaz merkezini döretmegi meýilleşdirýäris – diýip, ministr belledi. Bu barada “Tasnim” habarlar agentligi hem belläp geçýär.

Häzirki wagtda Eýran bilen Russiýa Eýranyň çäginde onlarça täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Eýranyň hökümeti bu babatda Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy bilen bilelikdäki taslamalar boýunça gepleşikler geçirýär. 2022-nji ýylda Eýranyň milli nebit kompaniýasy bilen “Gazpromyň” arasynda strategik hyzmatdaşlyk boýunça ähtnama gol çekildi.

Assaluýe – Eýran bilen Kataryň territorial suwlarynyň çäklerindäki Pars aýlagynyň merkezi böleginde ýerleşýän, dünýäniň iň iri Demirgazyk-Günorta Pars nebitgaz ýatagynyň önümçilik merkezidir. Bu ýatagyň geologiki gorunyň möçberi 51 trillion kubmetr tebigy gaza we 7,7 milliard kubmetr kondensata deňdigi çaklanylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi