JEMGYÝET

BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” formatynda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygyna gatnaşmak üçin Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy Roza Otunbaýewa bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar sebit howpsuzlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. W.Hajiýewiň bellemegine laýyklykda, Türkmenistan goňşy ýurduň howpsuzlygyna we durnuklylygyna, şeýle hem onuň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine uly gyzyklanma bildirýär. Şu nukdaý nazardan, Owganystan meselelesi boýunça ýurtlaryň we BMG-niň arasynda giň özara hyzmatdaşlygyň amala aşyrylmalydygyna, ilki bilen, UNAMA bilen ýakyn gatnaşyklaryň saklanylmalydygyna üns çekildi.

Nygtalmagyna görä, Türkmenistan özüniň hemişelik bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen, Owganystandaky syýasy hem-de durmuş-ykdysady ýagdaýy durnuklylaşdyrmak boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryna goşant goşmak nukdaý nazaryndan netijeli işleri alyp barýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň biridir.

Türkmenistan yzygider ýagdaýda Owganystana ynsanperwer ýüklerini ugradýar, durmuş ähmiýetli desgalary gurýar, ilata lukmançylyk kömegini berýär. Şeýle hem bellenilişi ýaly, Türkmenistan TOPH gaz geçirijisini we TOP elektrlik geçirijisini gurmak, demir ýollary abatlamak, täze ýollary gurmak we ş.m. taslamalary amala aşyrmak arkaly goňşy ýurdy ykdysady taýdan dikeltmek üçin ýardam berýär.

Taraplar Owganystanyň dikeldilmegi we bu ýurduň dünýä hojalyk ulgamlaryna goşulyşmagy bilen bagly bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak nukdaý nazaryndan mundan beýläk hem giň halkara hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirdiler.

Ýene-de okaň

TIF 2025: Türkmenistanyň ulag strategiýasy – iri taslamalar meýilleşdirilýär

Awaza-TIF-2025: möhüm ylalaşyklara gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Maýa goýum forumy başlady: 45 ýurtdan 800-den gowrak wekiliýet

Ýurdumyzyň daşary ýurtlarda işlemäge isleg bildirýän raýatlarynyň islegleri kanagatlandyrylar

Ata Watan Eserleri

Harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada Permana gol çekildi

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk ýoly: parahatçylyga we durnuklylyga 30 ýyllyk ygrarlylyk

Ata Watan Eserleri