BIZNES

Türkmenistan Hytaýa tebigy gazy ibermegiň möçberini artdyrýar

Türkmenistan mart aýynda Hytaýa iberilen tebigy gazyň möçberini 2.9 milliard kubmetre ýetirdi. Bu barada Hytaýyň Gümrük müdirligi habar berýär.

Türkmenistandan gaz geçirijiler arkaly Hytaýa iberilen tebigy gazyň möçberi ýanwar-aprel aralygynda 18.9 göterim artyp, 3.41 milliard dollara deň boldy.

Habar berilmegine görä, Merkezi Aziýanyň eksport edijileri ýyladyş möwsüminiň tamamlanmagy bilen Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberini yzygiderli artdyrýarlar.

Gazagystan mart aýynda Hytaýa 380 million kubmetr tebigy gaz eksport edip, her aýda bu möçberi ýene-de 100 million kubmetr artdyrmak mümkinçiligine eýedir.

Özbegistan bolsa, 3 aýdan soňra tebigy gazyň eksportuny gaýtadan dikeldip, mart aýynda 140 million kubmetr tebigy gaz iberdi. Eksport möçberini 4 esse artdyrmak mümkinçiligine eýedir.

Hytaý turba geçirijileri arkaly Merkezi Aziýanyň 3 ýurdundan – Türkmenistandan, Gazagystandan we Özbegistandan, şeýle hem Russiýadan we Mýanmadan tebigy gaz satyn alýar.

Sian şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa-Hytaý” sammitinde Hytaýyň Başlygy Si Szinpin sebit ýurtlary bilen energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi. Hususan-da, ol Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji liniýasyny gurmak işini çaltlandyrmagy teklip etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär