Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Gruziýanyň milli ylymlar akademiýasy bilen bilelikde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Magtymguly Pyragy – türkmen halkynyň ruhy dünýäsi” atly konferensiýasyny geçirdi.
Bu çärä Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň, Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň, Korneli Kekelidze adyndaky Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň, Gruziýanyň ýokary okuw jaýlarynyň wekilleri, Gruziýada akkreditlenen diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çykyş edenler ynsanperwer şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi diňe bir edebiýatyň ösüşine däl, eýsem Gündogaryň halklarynyň ruhy durmuşyna hem uly täsirini ýetirendigini bellediler. Magtymgulynyň nusgawy eserleri dünýäniň ençeme dillerine terjime edilendigi we dünýä medeniýetiniň hazynasydygy nygtaldy.
Maslahatyň dowamynda türkmen şahyrynyň hem-de akyldarynyň 300 ýyllyk ýubileýine halkara derejesinde alnyp barylýan taýýarlyk beýik Söz Ussadynyň döredijilik mirasynyň ähli adamzadyň hazynasy hökmünde tassyklanýandygy nygtaldy.