DÜNÝÄ

Türkmenistan Ýaponiýanyň Dostluk alyş-çalşygy boýunça halkara geňeşi bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow bilen Dostluk alyş-çalşygy boýunça halkara geňeşiniň direktory Hiroýuki Ýuşitanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy bilen Dostluk alyş-çalşygy boýunça halkara geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu babatda,  Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisiniň Ýaponiýanyň Dostluk alyş-çalşygy boýunça halkara geňeşiniň alyp barýan işlerine “hormatly agza” hökmünde gatnaşmagy boýunça pikir alşyldy.

Ilçi A.Baýramow 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini bellemek bilen, agzalan geňeşiň çäklerinde bu şygara bagyşlap birnäçe çäreleriň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Related posts

GAR-nyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

vepa

Türkmenistanyň wekiliýeti 12-nji Hytaý-Merkezi Aziýa Hyzmatdaşlyk Forumyna gatnaşdy

Türkmenistan Eýrandaky daşary ýurt raýatlary üçin ynsanperwer geçelge döredýär

Ata Watan Eserleri