JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Aleksandr bagyndaky näbelli esgeriň ýadygärligine gül desselerini goýdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan beýik Ýeňşiň 78 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaralara gatnaşdy.

Bu dabaralara Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen bir hatarda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan gatnaşdy.

Harby ýöriş tamamlanandan soňra döwlet Baştutanlary Gyzyl meýdandaky Aleksandr bagyndaky näbelli esgeriň ýadygärligine gül desselerini goýdular we Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlary hatyraladylar.

Soňra Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin dabaralara gatnaşmak üçin gelen döwlet Baştutanlary üçin resmi kabul edişlik gurady.

Related posts

Türkmen bedewi GDA halklaryny birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Benzin üreten tesisin açılışına hazırlanılıyor

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Fridrih Mersi gutlady

Leave a Comment