Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 14-nji maýynda Türkiýe Respublikasynda prezident saýlawlary hem-de milli parlamentiň 28-nji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlary geçiriler. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakanyň guramaçylyk geçirilmegi hem-de daşary ýurtlardaky türk raýatlarynyň ses bermegini guramak üçin Türkiýe Respublikasynyň Ýokary saýlaw geňeşi tarapyndan daşary ýurtlarda saýlaw uçastoklary döredildi.
Türkiýe Respublikasynyň Ýokary saýlaw geňeşi bu saýlawlar üçin 75 döwletde we 155 daşary ýurt diplomatik wekilhanalarda saýlaw uçastogy döretdi. Şol saýlaw uçastoklarynyň biri hem Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatdaky Türkiýe Respublikasynyň ilçihanasynda döredildi.
Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynda döredilen saýlaw uçastogynda ses bermek işi 6-7-nji maýda göz öňünde tutuldy. Şoňa laýyklykda, şu gün saýlaw uçastogynda ses bermek işi ýola goýuldy.
Türkmenistandaky türk saýlawçylar irden sagat 09:00-da açylan saýlaw uçastogynda ses bermek işine işjeň gatnaşýarlar.
Saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň geçirilmegi göz öňünde tutulan halatynda onda, bu ýerde 20-21-nji maýda ses bermek işiniň ýola goýuljakdygy mälim edildi.
Bilşiňiz ýaly, 14-nji maýda geçiriljek prezident saýlawlaryna 4 dalaşgär gatnaşýar. Olaryň arasynda Türkiýäniň häzirki Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem bar. Şeýle hem Türkiýäniň Jumhuryýet partiýasynyň baş sekretary Kemal Kylyçdarogly, Muharrem Inje we Sinan Ogan prezidentlige dalaşgär boldy.