JEMGYÝET

Halkara habarlar ulgamynda hyzmatdaşlyk

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda “Halkara habarlar ulgamynda hyzmatdaşlyk” atly tegelek stol duşuşygy geçirildi. Oňuň işine ýurdumyzdaky daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň metbugat boýunça ataşeleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýerli metbugat wekilleri gatnaşdy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem gatnaşan bu duşuşygyna ýurdumyzdaky internet habarlar portalynyň wekilleri hem gatnaşdy.

Duşuşygy Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasayr Mähri Bäşimowa açyp, ol öz çykyşynda Türkmenistanyň habarlar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürýändigini belledi. Hususan-da, daşary syýasat edarasynyň wekili Türkmenistandaky bolup geçýän uly mçerli syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer wakalary dünýä metbugatynda giňden ýaýradylmagy ugrunda hem tagalla edilýändigini belläp geçdi.

Duşuşykda Yewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, ilçi Jon MakGregor, Yewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bilermeni Marek Bekermen, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat ataşesi Helen Şo, “France Press” habarlar gullugynyň Türkmenistandaky habarçysy Igor Sasin, “TASS” habarlar gullugynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Oleg Pawlenko dagy çykyş etdiler.

Çykyş edenler “Ygtybarsyz habarlara garşy göremek boýunça dünýä tejribesi”, “Nädogry habarlara garşy göreşmekde maglumat sowatlylygy”, “Ýaşlaryň maglumat sowatlylygyny ýokarlandyrmak”, “Žurnalistleriň nädogry habarlara garşy göreşmek ugrundaky bilimleriniň ähmiýeti” ýaly ugurlarda çykyşlar diňlenildi.

Hususan-da, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat ataşesi Helen Şo internet ulgamyndaky habarlaryň agramly böleginiň, ýagny 60 göteriminiň iňlis dilindedigini belläp, munuň üçin iňlis dilini öwrenmekligiň hem ähmiýetiniň möhüm bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, žurnalistler üçin diliň ähmiýetiniň möhümdigini görmek bolar.

Şeýle hem tegelek stol duşuşygynda sosial torlaryň agalyk edýän döwründe alnyp barylýan maglumat syýasaty barada hem çykyşlara orun berildi.

Bu ugurda maglumat giňişliginde sosial torlaryň orny barada durlup geçildi. Soňky ýyllarda sosial torlaryň maglumat giňişligindäki ornunyň has-da artýandygy bellenilip, şonda nädogry hem-de ygtybarsyz habarlara garşy göreşmek ugrunda tagallalaryň zerurdygy bellenildi.

“Halkara habarlar ulgamynda hyzmatdaşlyk” atly tegelek stol duşuşygy çäklerinde gatnaşyjylara daşary syýasat neşirleriniň ýöriteleşdirilen sergisi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Şol sergide daşry syýasat neşirleriniň arasynda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna hem orun berildi.

 

Ýene-de okaň

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Katarda netijeli duşuşyklary geçirdiler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň forumyna gatnaşdy