JEMGYÝET

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna gynanç berdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentine enesi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna käbäsi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi.

Türk döwletiň Baştutanyň iberen gynanç hatlarynda şeýle diýilýär:

Gadyrly doganym!

Siziň eneňiz Ogulabat ejäniň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim.

Goý, Siziň eneňiz baradaky mähirli ýatlamalar we onuň öwüt-ündewleri Size güýç-kuwwat bersin! Şu agyr pursatda Size gynanjymy beýan etmek bilen, maşgalaňyza abadançylyk dileýärin.

Rejep Taýyp ÄRDOGAN,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Gadyrly doganym!

Mähriban käbäňiz Ogulabat ejäniň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul etdim.

Mähriban käbäňiz baradaky mähirli ýatlamalar Size medet berer diýip umyt edýärin.

Mübärek Remezan aýyndaky şu agyr ýitgi zerarly ýürekden gynanjymy beýan edýärin. Merhuma Allatagaladan rehmet, maşgalaňyza, ýakynlaryňyza sabyr-takat hem-de ruhy durnuklylyk dileýärin.

Rejep Taýyp ÄRDOGAN,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “BMG-niň oýunlary-2026” badalga aldy

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini gutlady

Dünýä çempionaty başlady: Meksika we Günorta Koreýa ýeňiş gazandy

Türkmenistanyň Prezidentine professor alymlyk ady dakyldy