JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Şu gün ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilip geçildi. Ýurdumyzyň baýramçylyklarynyň senenamasynda öz ornuny alan Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerinde köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde köpçülikleýin welosiped ýörişi geçirildi.

Bu köpçülikleýin welosiped ýörişi Arkadag şäheriniň merkezi künjeginde oturdylan “Akhan” heýkelinden başlap, şäheriň giň şaýollarynyň ugry boýunça geçirildi. Welosipedli ýörişiň geçirilýän ýoluň ugrunda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary guraldy.

Arkadag şäherindäki köpçülikleýin welosiped ýörişinde oňa gatnaşyjylar 4 kilometr ýol geçdiler. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

Ýene-de okaň

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi