BIZNES

Dünýäniň iň baý 25 işewüri

Meşhur “Forbes” žurnaly 2023-nji ýylyň iň baý 25 adamyny mälim etdi. Sanawdaky öňdebaryjy baýlary geçen ýyl bilen deňeşdirilende 200 milliard dollar ýitgi çeken bolsa-da, olaryň umumy baýlygy 2,1 trillion dollara deňdir.

Žurnalyň maglumatyna görä, milliarderleriň sanawynda 2 müň 640 adam bar. Olaryň diňe öňdäki orunlary eýeläýn 25-siniň baýlygy 2 trilliondan gowrakdyr.

Dünýäniň iň baý işewürleri üçin 2022-nji ýyl köp bir şowly bolmady. Ilona Mask 39 milliard dollar, Jeff Bezon bolsa, 57 milliard dollar ýitgi çekdi.

Soňky sanawa görä, Bernar Arnonyň 211 milliard dollar, Ilon Mask we Jeff Bezosyň 114 milliard dollarlyk baýlygy bar.

Dünýäniň ozalky öňdebaryjy baýlaryndan Bill Geýtsiň baýlygy 104 milliard dollara deňdir.

Sanawdaky 25 öňdebaryjy baýlaryň sanawynda 2 sany hindistanly işewür hem bar. Olardan – Mukeş Ambaniniň baýlygy 83,4 milliard dollara, Gautam Adaniniň baýlygy bolsa 47.2 milliard dollara deňdir.

Bu öňdebaryjy 25 baýyň hatarynda Hytaýdan diňe bir işewür bolup, ol hem Çžun Şanşan bolup, onuň emlägi 68 milliard dollara deňdir.

Ýene-de okaň

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar