JEMGYÝET

Arkadag şäheri: ylym-bilim we saglygy goraýyş edaralaryna ýolbaşçylar bellendi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahat köşgünde ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, maslahatda birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.

Maslahatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow Arkadag şäherinde ylym-bilim, saglygy goraýyş we jemgyýetçilik guramalary boýunça edaralary boýunça wezipä bellenen ýolbaşçylar barada hasabat berdi.

  • Ýanwar Annaýew – Arkadag şäheriniň Bilim müdirliginiň başlygy
  • Aýjahan Babaýewa – Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hüner okuw mekdebiniň direktory
  • Maýa Öküzowa – Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory.
  • Mergen Nazarow – Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory.
  • Allanur Hajymyradow – Arkadag şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy
  • Ýusup Işangulyýew – Arkadag şäher Saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri.
  • Hemraguly Haşyrow – Arkadag şäher Saglyk merkezleri müdiriýetiniň Saglyk öýi boýunça orunbasary.
  • Rejep Orazberdiýew – Arkadag şäher Saglyk merkezleri müdiriýetiniň Onkologiýa merkezi boýunça orunbasary.
  • Şöhratniýaz Meredow – Arkadag şäher Saglyk merkezleri müdiriýetiniň “Tiz kömek merkezi” boýunça orunbasary.
  • Bahar Orazmyradowa – Arkadag şäher Saglyk merkezleri müdiriýetiniň Enäniň we çaganyň saglygy goraýyş merkezi boýunça orunbasary.
  • Ýusupmyrat Baýjaýew – Arkadag şäheriniň Bedenterbiýe we sport müdirliginiň başlygy.
  • Kerwenguly Çarygulyýew – Arkadag şäheriniň Köpugurly sport toplumynyň direktory.
  •  Berdimämmet Atdyýew – Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk stadionynyň direktory.
  •  Gurbannazar Öwezsähedow – Arkadag şäheriniň Sport merkeziniň direktory.
  • Orazgül Pygamowa – Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäher komitetiniň başlygy.
  • Annamyrat Ýollyýew – Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Arkadag şäher birleşmesiniň başlygy.
  • Serdar Berdimyradow – Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäher komitetiniň başlygy.
  • Mekan Amanlyýew – Türkmenistanyň Magytmguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher geňeşiniň başlygy.
  • Arslan Täşliýew – Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäher komitetiniň başlygy.
  • Pygy Baýramdurdyýew – Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory.
  • Döwrangylyç Pürriýew –  Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň başlygy.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde täze taslamalar bilen tanyşdy

Türkmenistanyň käbir etraplarynda täze kazyýet we prokuratura edaralary döredildi

Türkmenistanyň Baş prokuroryna täze orunbasar bellendi

“Aga gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy