JEMGYÝET

Arkadag şäheri: medeniýet ulgamynyň edaralaryna ýolbaşçylar bellendi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahat köşgünde ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, maslahatda birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.

Maslahatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Mämmedowa Arkadag şäherindäki medeniýet ulgamyna degişli edaralara bellenen ýolbaşçylar barada hasabat berdi.

  • Baýramdurdy Baýramdurdyýew – Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň baş direktory.
  • Ýazberdi Hydyrow – Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň direktory.
  • Nurmyrat Annaçaryýew – Arkadag şäher Taryhy we ülkäni öwreniş müzeýiniň direktory.
  • Serdar Ataýew – Arkadag şäheriniň Aman Gulmammadow adyndaky Döwlet drama teatrynyň baş ýolbaşçysy.
  • Aýlar Nurmämmedowa – Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň direktory.

Related posts

Bakanlar Kurulu: EXPO 2020 Fuarı’na hazırlık

vepa

Bangladeşde 201 gümmezli metjit gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministrini kabul etdi

Leave a Comment