DÜNÝÄ

Türkmenistan-Hytaý ýaşlarynyň dostlukly atçylyk toplumy açyldy

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy Hytaýyň Atçylyk Assosiasiýasy hem-de Pekin Şerwud Atçylyk Kluby bilen bilelikde Halkara Nowruz Baýramyny, şeýle-de ady agzalan klubuň esasynda, Türkmenistanda yglan edilen «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» atly ýylynyň çäginde Türkmenistan-Hytaý ýaşlarynyň dostlukly atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyny geçirdiler.

Bu çärä 50-den gowrak dünýäniň dürli ýurtlarynyň we sebitleriniň 200-den gowrak myhmanlarynyň, şol sanda ilçileriň, diplomatlaryň, hytaý döwlet edaralaryndan, parahatçylyk we dostluk jemgyýetlerinden, halkara we sebit guramalaryndan, döwlet we hususy kärhanalaryň wekilleriniň, şeýle-de Türkmenistanyň we Hytaýyň ýaşlarynyň gatnaşdylar.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň ilçisi P.Durdyýew özüniň çykyşynyň gadymdan bäri bellenilip geçilýän  bahar paslynyň buşlukçysy Halkara Nowruz Baýramynyň ýaşlara bagyşlanan ýyly bilen sazlaşyp gelmegini, türkmen we hytaý ýaşlarynyň dialogunyň platformasynyň açylmagy, şeýle-de Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň “Dialog-Parahatçylygyň kepili” atly halkara başlangyjy bilen utgaşmagynyň özboluşlulygyny nygtamak bilen, dabaraly çäräniň myhmanlarynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl gymmatlyklarynyň hataryna girýän türkmen sungaty bilen içgin tanyşmaklyga çagyrdy.

“Pekin Şerwud Atçylyk klubynyň” atçylyk manežinde Ahalteke bedewleri, elde dokalan Türkmen halylary we horjunlar, el keşdeleri bilen bezelen milli lybaslary ýerleşdirildi, dutaryň we gopuzuň owazy, milli Küşdepdi tansyny ýerine ýetirildi, şol sanda türkmen milli tagamlary bilen ähli myhmanlary tanyşdyryldy. Şol bir wagtda, myhmanlara ýädygärlik üçin at üstüne münmek we surata düşmek ýaly seýrek mümkinçiligi hem hödür edildi.

Şeýle hem, dabaraly çäräniň barşynda türkmen we hytaý talyplary Magtymguly Pyragynyň goşgularyny türkmen we hytaý dillerinde okadylar.

Hytaýyň Atçylyk Assosiasiýasynyň Baş Sekretary Ýue Gaofene we “Pekin Şirwud Atçylyk klubynyň” ýolbaşçysy Luan Şuna hormatly Arkadaga we Türkmenistanyň Prezidentine Bedew baýramyny mynasybetli Türkmenistana sapar bilen barmaklaryna mümkünçilik döredendikleri üçin minnetdarlyk bildirmek bilen, geljekde ýaş nesli dostlukly we birek-birege düşünişmek ruhunda terbiýelemek işinde, iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklary, şu Türkmenistan-Hytaý ýaşlaryň atçylyk toplumynda emele gelýän  mümkinçiliklerden ugur alyp, berkitmekde köp işleri ýerine ýetirmekde ellerinden gelýäni etjekdikleri barada ynandyrdylar. Şeýle-de, gelejekde bu platformanyň diňe ýaşlaryň arasyndaky däl-de, eýsem, ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklary ösdürmekde hem güýçleriniň gaýgyrmajakdyklaryna nygtadylar.

Geçirilen dabaraly çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi Hytaýyň öňdebaryjy “China Global Television Network” we “Phoeniks” teleýaýlymlary bilen aýratynlykda söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn türkmen-hytaý dürli öwüşgünli gatnaşyklarynyň aýratyn ugurlary hem-de hytaý tomaşyçylaryny Nowruz baýramanyň mededi-siwilizasiýa dialogyndaky ähmiýeti we ýokarda agzalan ýaşlar pikir alyşyk platformasynyň döredilmegi barada gürrüň berdi.

Ýene-de okaň

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler