DÜNÝÄ

Si Szinpin Russiýa sapara gelýär

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy wezipesine gaýtadan saýlanan Si Szinpin Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çagyrmagy boýunça 20-22-nji mart aralygynda bu ýurtda saparda bolar. Bu barada Kreml köşgüniň metbugat gullugy habar berýär.

– Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin 2023-nji ýylyň 20-22-nji marty aralygynda Russiýa döwlet saparyny amala aşyrar – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilýär.

Bellenilip geçilişine görä, taraplar rus-hytaý hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşarlar.

Şeýle hem Russiýanyň we Hytaýyň Baştutanlary möhüm resminamalara gol çekelerler we halkara gün tertibininň möhüm meseleleri boýunça pikir alşarlar.

Related posts

Türkmen-özbek toparynyň 16-njy mejlisi geçiriler

Saud Arabystany ýene derwezelerini açdy

Türkmenistan Gazagystandaky CICA-nyň duşuşygyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment