SPORT

Angliýanyň çempionatynda ilkinji gezek agzaçar berler

Düzüminde birnäçe musulman futbolçysy bolan Angliýanyň “Çelsi” topary 26-njy martda özüniň “Stemford Brij” stadionynda agzaçar bermegi meýilleşdirýär. Londonyň topary Angliýanyň “Premýer liga” çempionatynda öz stadionynda agzaçar beren ilkinji topar bolar. Bu barada toparyň resmi saýtynda habar berilýär.

Iňlsi topary şol gün musulman adamlary stadionda agzacar sadakasynda görmäge şatdygyny belläp geçdi.

Toparyň işgärleri bilen bir hatarda birnäçe ýerli metjitleriň wekilleri, musulman jemgyýetiniň agzalary, janköýerler we mekdep okuwçylary gatnaşarlar.

Agzaçar sadakasy haýyr-sahawat guramasy bilen bilelikde geçirip, Oraza aýynyň ähmiýetini düşündirmek hem-de jemgyýetleriň arasyndaky  gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen guralýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 23-nji martynda Oraza aýy başlaýar.

 

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi