Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Saparynyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilen şekil taslamalary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Bu ýerde, esasan, Arkadag şäherine gelýän awtoýollaryň çyzgylary, şäheriň awtomenziliniň binalar toplumynyň, şeýle hem demir ýol menziliniň şekil taslamalary görkezildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy binalaryň açylyş dabarasy bilen birlikde, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna hem hemmetaraplaýyn esasda, ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini belläp, täze şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda işläp, şähergurluşyk maksatnamasyny ýerine ýetirmekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezen we tapawutlanan ýerli gurluşyk kompaniýalaryna Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň binalarynyň gurluşyklaryny ynanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda bina edilen desgalaryň dolandyryş düzümini döretmek, olarda degişli guramaçylyk işlerini alyp barmak meseleleri barada aýdyp, Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugurda degişli guramaçylyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmagy Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewden berk talap etdi.
Şeýle-de bu ugurda alnyp barylýan işleri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň degişli ugurlar boýunça berk gözegçilikde saklamalydyklary nygtaldy.