MEDENIÝET

Ýaz paslynyň ilkinji aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýurdumyzda ýaz paslynyň ilkinji aýynda geçiriljek medeni çäreler barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hasaba berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, şu ýylyň 1-8-nji marty aralygynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli dürli baýramçylyk çäreleri we dabaralary geçiriler.

17-18-nji martda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli sergi we maslahat geçiriler.

20-nji martda “Türkmenistanda syýahatçylygy esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat guralar.

21-22-nji martda Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Nowruz ýaýlarsynda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Related posts

Dünýäniň iň uly krokodili aradan çykdy

Bäsleşige: Reňklerde ýaşaýan sungat

Ata Watan Eserleri

Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan zehinli çagalar

Leave a Comment