SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: üstaşyr awiabiletleri satyn almak mümkinçiligi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlarda üstaşyr awiabiletleri satyn almak mümkinçiligini döredýär. Bu barada awiakompaniýanyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Şol habarnamada üstaşyr awiabiletleri turkmenistanairlines.tm sahypadan we mobile goşundylary arkaly üpjün edip bilinýändigi bellenilip geçilipdi.

Umuman, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň bu baradaky habarnamasynda şeýle diýilýär:

Hormatly ýolagçylar!

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň turkmenistanairlines.tm onlaýn awiabilet satuw sahypasynda 2023-nji ýylyň fewral aýynyň 10-dan içerki howa gatnawlarynda üstaşyr awiabiletleri satyn alyp bilýändigiňiz barada Size habar berýäris.

Şeýle-de onlaýn awiabilet satuw saýtyndan daşary ýurt ugurlary boýunça awiabiletleri satyn alanyňyzda 2,5 göterim arzanladyşyň bardygy barada Size habar berýäris.

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler