BILIMIŞ ORUNLARY & TENDERLER

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýurmagynda Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň taslamasyny düzmek we gurmak üçin halkara bäsleşik yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 7-nji apreline çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýar.

Häzirki wagtda institutda 7 fakultet we 26 kafedra hereket edýär we 3 müňden gowrak talyplar 9 ugur we 29 hünär boýunça döwrüň talabyna laýyklykda bilim alýarlar.

Institut Türkmenistanyň döwlet we hususy eýeçilikdäki edaralary we kärhanalary üçin ýöriteleşdirilen ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlaýar we her ýylda 600-den gowrak ýokary bilimli hünärmenleri goýberýär.

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda ýokary okuw mekdeplerine 18 müňden gowrak adam talyplyga kabul ediler

Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde emeli aň boýunça täze ugurlar açylýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň jemi 20-si açylýar

Dalaşgär-2026: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Dalaşgär-2026: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Dalaşgär-2026: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty