Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň batly depginler bilen ösýän ähli pudagynda sanly ulgama, innowasion tehnologiýalara uly orun degişlidir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgamy ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, döwletimizde sanly ykdysadyýeti ösdürmek işleri, tehnologiýalardan peýdalanmak mümkinçilikleri barha giň gerime eýe bolýar.
Dünýäde innowasion tehnologiýanyň we sanly ulgamyň ösýän zamanasynda ýurdumyzda hem sanly ulgamy ösdürmek döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitlenip, bu babatda oňat netijeler gazanylýar. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar. Sanly ulgamyň ykdysadyýete ornaşdyrylmagy, maglumatlary toplamagyň we seljermegiň täze, döwrebap usullarynyň hem-de gurallarynyň döremegi maglumatlaryň alşylmagyna, zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär we innowasion çözgütleri kabul etmekde çeýeligi üpjün edýär.
Sanly ykdysadyýetiň görkezijileri pudaklaryň özgerdilmegi bilen bir hatarda, täze bazarlaryň döremegi üçin hem döwrebap ugurlary kesgitleýär. Ösen döwürde önüm öndürijiler sarp edijiler bilen gönüden-göni aragatnaşyk saklaýar. Munuň üçin alyjylaryň isleglerini öwrenmekde we kanagatlandyrmakda elektron söwdanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak barha giň gerime eýe bolýar.
Elektron söwda — bu internet arkaly harytlarydyr hyzmatlary satmak, satyn almak, paýlamak, mahabatlandyrmak bilen baglanyşykly täjirçilik işidir. Ol häzirki ählumumy tor ulgamynda dürli görnüşli onlaýn täjirçilik amallarynyň bir görnüşi bolup durýar.
Elektron söwda ulgamyna onlaýn satuw, internet-banking, dürli görnüşli petekleri satyn almak, myhmanhanalarda otaglara sargyt işleri, internet arkaly tölegleri geçirmekde käbir amallar, marketing we mahabat ýaly ykdysady taglymatlar degişlidir. Ykdysady nukdaýnazardan seredilende, elektron söwda üç basgançakda amala aşyrylýar: serwer tor ulgamy (internet) arkaly habar berilýär, maglumat bazasynda saklanýar we alyjy önüm ýa-da hyzmat bilen üpjün edilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek barada meýilnamalary amala aşyrmak babatda senagat pudagyny ösdürmäge, onuň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek üçin ähli mümkinçilikler yzygiderli döredilýär we ol üstünlikli amala aşyrylýar.
Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy, täzeçil, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýetiň döredilmegi barada uly tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan halk bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Zylyha Satlykowa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
“Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar” fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
