SPORT

“Real Madrid” klublaryň dünýä çempiony boldy

Ispaniýanyň “Real Madrid” topary bilen Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” topary klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda çempion boldy. Her ýyl dünýäniň ähli sebitlerinden iň gowy futbol toparlarynyň arasynda klublaryň arasynda dünýä çempionaty geçirilýär.

Üstümizdäki ýylda bu çempionatyň finalynda “Real Madrid” topary bilen  “Al-Hilal” topary duşuşdy. Ispan topary garşydaşyny 5:3 hasabynda utup, klublaryň dünýä çempiony boldy.

Ispan toparynyň düzüminde Winisius Žunior we Federiko Walwerde 2 gol geçirdi, toparyň fransuz hüjümçisi Karim Benzema hem bir goly öz adyna ýazdyrdy.

“Real Madrid” toparynyň ýolbaşçysy Florentino Peres bu topar bilen 31-nji kubogyny gazandy. Benzema bolsa ispan toparyndaky 24-nji kubogyna mynasyp boldy.

“Real Madrid” topary öz taryhynda 99-njy kubogyny eýeläp, esasy bäsdeşi “Barselona” toparyndan öňe saýlandy. “Barselonanyň” kuboklarynyň sany 98-e deňdir.

 

Ýene-de okaň

Fransiýa çärýek finalda Marokko bilen oýnar

Marokko ilkinji bolup çärýek finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy