SPORT

Habibiň oruntutary Islamyň ýeňşi

Habib Nurmagomedowyň oruntutary hökmünde garalýan Islam Mahaçew Awstraliýada “UFC 284” ýaryşynyyň çäklerinde Aleks Wolkanowski bilen duşuşdy.

Tutluşyk Islam Mahaçewiň peýdasyna tamamlandy. Emin agzalarynyň biragyzdan çykaran çözgüdi (48-47, 48-47, 49-46) esasynda Habibiň oruntutary ýeňil agramda dünýä çempionlygynyň guşagyny gorady.

Mahaçew 2022-nji ýylyň oktýabrynda ýeňil agramda çempion bolupdy. Ol şonda Çalrz Oliweýrany ýeňipdi.

Ol Wolkanowski bilen geçiren tutluşygynda çempionlyk guşagyny gorady. Şeýlelikde, ol 12-nji ýeňşini baýram edip, entek tutluşyklarda ýeňilip görmedi.

Related posts

UEFA Çempionlar ligasy: duşuşyklar deňme-deň tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatdaky Aziýa çempionaty noýabra süýşürildi

Çempionlar ligasynyň kubogyny “Mançester Siti” topary gazandy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment