JEMGYÝET

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerinde saparda bolýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Abu-Dabi şäherinde BAE-niň Prezidenti Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

“WAM” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen BAE-niň Prezidenti Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýan iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda iki dostlukly halkyň gülläp ösmegi ugrunda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlendi.

Duşuşyga iki ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylary gatnaşdy. BAE tarapynda senagat we öňdebaryjy tehnologiýa ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýaysnyň dolandyryjy direktory, “Masdar” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Sultan Ahmed Al-Jaber we Abu-Dabi ösüş gaznasynyň baş direktory Muhammed Seýf Al-Suwaýdi gatnaşdy.

Türkmen tarapyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasalary Raşid Meredow we Aşyrguly Begliýew bar.

Ýene-de okaň

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi