MEDENIÝET

«Galkynyş» topary Monte-Karlodaky halkara festiwala çagyryldy

Monakonyň paýtagty Monte-Karloda sirk sungatynyň 45-nji halkara festiwaly geçirildi. Bu abraýly halkara çärä türkmen sirkiniň wekilleri, hususan-da, Döwlet sirkiniň baş müdiri we «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň başlygy hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Festiwalyň dowamynda türkmen wekilleri, ýagny «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy Pygy Baýramdurdyýew, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň baş müdiri Serdar Gurbangulyýew bilen Halkara sirk federasiýasynyň prezidenti Urs Pilsiň arasynda duşuşyk boldy.

Duşuşykda Urs Pils türkmen sirk sungatynyň artistlerini 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek 47-nji Monte-Karlo halkara sirk festiwalyna gatnaşmaga çagyrdy.

Related posts

50 ýyllap her gün burger iýipdir

Aziýa-ýuwaş ummany sebitiniň media hyzmatdaşlygy

Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Leave a Comment