SPORT

Serdar Azmun “Marsel” toparyna geçip biler

Germaniýanyň “Baýer” toparynyň hüjümçisi Serdar Azmun bilen Fransiýanyň “Marsel” topary gyzyklanýar. Sport neşirleriniň habar bermegine görä, bu ugurda iki toparyň arasynda gepleşikler başlandy.

28 ýaşyndaky eýranly hüjümçini ozalky Russiýanyň “Zenit” toparynyň  sport boýunça direktry Hawýer Ribalto teklip etdi. Ol häzirki wagtda “Marsel” toparynyň sport boýunça direktory wezipesini alyp barýar.

Eýranly futbolçynyň transferiniň bahasy 10 million ýewro bolar. Azmunyň “Baýer” topary bilen şertnamasynyň möhleti 2027-nji ýylda tamamlanýar.

Azmun nemes toparynyň düzüminde 13 duşuşykda oýnady. Häzirki möwsümde bolsa, 10 duşuşykda meýdança çykdy. Geçen ýylyň ýanwar aýynda Azmun “Baýer” topary bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşypdy.

Azmun bilen gyzyklanýan “Marsel” topary Fransiýanyň çempionatynda üçünji orunda barýar we topar 20 duşuşykda 43 utuk jemledi.

Eýranly futbolçy “Zenit” toparynyň düzüminde 2019-njy ýylda çykyş edip başlapdy. 2019-2022-nji ýyllarda Russiýanyň 4 gezek çempiony boldy, ýurduň 2 gezek Superkubogyny we kubogyny gazandy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri