MEDENIÝET

Kino dünýäsi: 2023-nji ýylda çykmagyna garaşylýan filmler

Pandemiýa döwründe çökgünlik başdan geçiren kino dünýäsi häzirki wagtda dikelip başlady. Geçen ýyl çykan filmleriň sanynda düýpli azalma bolupdy. Şeýle hem “Cineworld” film şereketi bankrot bolmak üçin ýüz tutdy, Edinburg film festiwaly (EIFF) ýapyldy. Şeýle-de bolsa, bu ýyl iň oňat filmler bize garaşýar.

2023-nji ýylda çykmagyna garaşylýan filmleriň käbiri aşakdakylardyr:

“Gykylyk 6 (Scream VI)”

2023-nji ýylyň başynda gorkunç filmler ýykgynlyk eder. Olardan biri “Wednesday” atly “Netflix” seriýasy bilen meşhr bolan Jenna Orteganyň baş keşbi janlandyrmagynda “Scream VI” (“6-njy gykylyk”) filmi.

Filmde “arwah” gorkunç sahnalaryň ortasynda ýer alýar. Waka bu gezek Nýu-Ýorkda bolup geçýär.

Mett Bettinelli-Olpiniň we Taýler Gillettiň režissýorlyk eden filminde senariýasyny “Gykylyk” filminiň ýazyjylary Jeýms Vanderbilt we Gaý Busik ýazypdyr. Film 10-njy martda tomaşaçylara ýetiriler.

“Barbi (Barbie)”

Greta Gerwigiň režissýorlyk eden bu filmde nämeleriň boljakdygyny takyk aýtmak kyn. Şeýle-de bolsa, filmdäki wakalar “Barbielanddan” gaçyp, hakyky dünýä giren Barbiniň durmuşyna degişli.

Bu filmde meşhur artistler Will Ferrelliň, Simu Liunyň we Keýt MakKinnon rol alypdyr. Film 21-nji iýulda çykmagyna garaşylýar.

“Oppenheimer”

“Oppenheimer” filmi “Inception” we “Tenet” filmleriniň režissýory Kristofer Nolanyň soňky işidir. Film “atom bombasynyň atasy” hökmünde tanalýan J.Robert Oppenheimer we Manhattan taslamasyndaky roly baradaky aç-açan biografiki filmdir. Oppenheimer Nýu-Meksikoda ilkinji atom partlamasynyň şaýady bolanlaryň biri.

Filmiň artistleriniň arasynda Florens Pug, Emili Blunt, Robert Downeý Junior, Matt Damon ve Kennet Branah bar. Filmiň 21-nji iýulda “Barbi” bilen birlikde çykmagyna garaşylýar.

“Garyp zatlar (Poor things)”

Gresiýaly režissýor Ýorgos Lantimosyň täze filmi Alasdair Greýiň 1992-nji ýyldaky şol bir romany esasynda döredildi. Filmde dogulmadyk çaganyň beýnisi arkaly direldilen Stoun hakda gürrüň berilýär.

2023-nji ýyldaky sabyrsyzlyk bilen garaşylýan filmleriň birine öwrülmegine garaşylýan “Garyp zatlaryň” şu wagta çenli çykjagy kesgitlenen anyk senesi ýok.

“Daş düşek (Stone Mattress)”

Linn Remseýiň “Daş düşek” atly täze filminiň esasy “Gyrnagyň ertekisi” atly romanyň awtory Margaret Atwudyň gysga hekaýasyna esaslanýar.

Arktikada gezelenç gämisinde geçen ar alyş trillerinde pensiýa çykan fiziki terapewti oýnaýan Julian Mur altmyşynjy ýyllaryň ortalarynda maşgala işini alyp barýan owadan ýaly görünýän adam tarapyndan aldanýar. Şeýle-de bolsa, ol şol bir wagtyň özünde töweregindäki wakalary tersine öwürjek geçmişe syýahat başlaýar.

Filmiň goýberiljek senesi entek yglan edilmedi.

“Möý adam: Möý dünýäsine geçiş” (Spider-Man: Across The Spider-Verse)

2018-nji ýylda kompýuterde döredilen “Örümçek-adam: Örümçege aýat” iň oňat animasiýa Oskaryny gazanan iň oňat “Örümçek” filmi boldy.

Köp garaşylýan “Spider-Verse” filminde Maýls Morales (Şameik Mur) we Gwen Stasi (Haýli Steinfeld) meşhur Spot (Jeýson Şwarsman) bilen göreşýärler.

Film 2-nji iýunda görkezilişe çykar.

“Gül aýyny öldürýänler (Killers Of The Flower Moon)”

Martin Skorseziň “Irlandiýaly” filminiň dowamy Deýwid Grannyň 2017-nji ýylda çap edilen “Gül aýynyň öldürijileri” atly kitabynyň uýgunlaşmasydyr.

Bu 1920-nji ýyllarda Oklahoma tire-taýpa topraklarynda ýerli Amerikalylara garşy bir topar ganhorluk hakda.

Skorseziň “halanýanlary” Leonard Di Kaprio we Robert De Niro, şeýle hem Lili Gladstone, Brendan Fraser we Jon Litgow 200 million dollarlyk jenaýat dramasynda baş keşbi janlandyrýarlar.

Bu filmiň 2024-nji ýyldaky dabarada “iň gowy film” Oskara dalaşgär görkezilip bilinjekdigi aýdylýar.

Wezipe: Mümkin däl – Öldüriji görkeziş: 1-nji bölüm) (Mission: Impossible – Dead Reckoning Part One)”

Tom Kruz 2022-nji ýylda “Top Gun: Mawerick” bilen indi “Mission Impossible” seriýasyndaky ýedinji film bolan “Mission: Impossible – Dead Reckoning Part 1” bilen gaýdyp geldi. Bu ýylky film 14-nji iýulda görkeziler. Filmiň ikinji bölümi 2024-nji ýylda çykar.

“Indiana Jones we ykbalyň oýny (Indiana Jones and the Dial of Destiny)”

Bäşinji we iň soňky “Indiana Jones” filminde Harrison Ford, Toby Jones, Antonio Banderas, Fib Waller-Brij we Jon Reýs-Dewisi tomaşa ederis.

Filmiň goýberiljek senesi 30-njy iýunda.

“Indiki goly salan gazanar (Next Goal Wins)”

Golliwudyň üstünlik gazanan režissýorlaryndan biri Taýka Waýtitiniň bu komediýasy hakyky hekaýa we 2014-nji ýylda şol bir at bilen dokumental filme esaslanýar. Gürrüň Gollandiýaly-Amerikan futbol tälimçisi Tomas Rongen (Fassbender) bilen birlikde dünýäniň iň erbet futbol topary hasaplanýan Amerikan Samoasy milli ýygyndysyny halas etmek ugrundaky göreşi hakda.

Film 22-nji sentýabrda görkezilişe çykar.

“Dýun: Ikinji bölüm (Dune: Part Two)”

Frank Herbertiň “Dune” epiki ylmy romanyny filme uýgunlaşdyrmak Denis Willeneuweniň şu güne çenli eden iň hyjuwly synanyşygydy.

Dowamynda baş keşplerde Florens Pug, Ostin Batler, Le Seýdoks we Kristofer Walken bar.

Filmiň goýberiljek senesi 3-nji noýabr.

Beýleki filmler:

  • Kinorežissýor Mariel Heller, Reýçel Ýoderiň “Nightbitch” romanyndan käwagt ite öwrülýän öýde galan enäniň jadyly realizm hekaýasyny uýgunlaşdyrýar. Emi Adams, Meri Holland we Ella Tomas filmde keşp janlandyrýan meşhur artistler.
  • Terrens Maligiň täze filmi “Windeliň ýoly” Hezreti Isanyň durmuşynda dürli möhüm wakalara ünsi jemleýär.
  • Sofiýa Koppolanyň “Priskillasy” Priskilla Presliniň “Elwis we men” ýatlamasyna esaslanýar. Bu filmiň güýzde Wenesiýa film festiwalyna geljekdigi aýdylýar.

Ýene-de okaň

«Awaza-dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwaly geçirildi

Aşgabatda Hytaýyň farfor önümleriniň sergisi geçirilýär

“Magtymguly Pyragy” filmi Londonda ýörite baýraga mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Parahatçylygyň saýrak bilbili

Ata Watan Eserleri

Ýaş türkmenistanlylar TÜRKSOÝ-nyň ýaş şahyrlarynyň halkara bäsleşiginiň laureaty boldular

«Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwaly geçiriler