MEDENIÝET

Berlin kinofestiwaly yza süýşürildi

Her ýyl geçirilýän hem-de kino dünýäsiniň uly şüweleňleriniň biri hasaplanýan Halkara Berlin kinofestiwaly yza süýşürildi. Koronawirus ýokanjy sebäpli bu kinofestiwal 2 tapgyrda geçiriler. Bu barada festiwalyň guramaçylary habar berýär.

Aslyndan “Berlinale” hökmünde tanalýan bu halkara festiwal 2021-nji ýylyň fewral aýynda Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýardy. Ýöne çäklendirmeleriň dowam edýän döwründe bu festiwaly 2 tapgyrda geçirmek meýilleşdirilýär.

Kino sungatynyň öz önümlerini hödürlemegi üçin 2021-nji ýylyň mart aýynda bu festiwal onlaýn tertipde geçiriler. Soňra iýun aýynda bolsa, kinoteatrlarda hem-de açyk asmanyň aşagyndaky meýdanlarda köp sanly filmleri görkezmek göz öňünde tutulýar.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Related posts

Adam beýnisiniň işleýşini güýçlendirýän saz

Ata Watan Eserleri

Moda bilen baglanyşykly täsinlikler

Wenada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bolar