JEMGYÝET

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi

Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahaty öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda geçirilýän maslahatyň gün tertibine konstitusion topar tarapyndan taýýarlanylan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak, olar boýunça degişli çözgütleri kabul etmek bilen bagly meseleler girizildi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär. 

Umumymilli foruma ýurdumyzyň Hökümetiniň we Milli Geňeşiň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň häkimleri, halk maslahatlarynyň agzalary, edara-kärhanalaryň işgärleri, Diýarymyzyň sebitlerine wekilçilik edýän il sylagly ýaşulular, ýaşlar gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatyny açyk diýip yglan edenden soňra, Döwlet senasy ýaňlandy.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, dürli gatlaklara wekilçilik edýän ildeşlerimiziň çykyşlary diňleniler, kanun çykaryjy häkimiýetiň düzümlerini kämilleşdirmek bilen bagly möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.

Arakesme wagtynda bolsa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahaty geçiriler we toý sadakasy berler.

Günüň ikinji ýarymynda bilelikdäki maslahatyň işi dowam eder. Onuň jemleri boýunça degişli çözgütleriň kabul edilmegine garaşylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi