SIZDEN GELENLER

Ylham, hyjuw, joşgun

Halkymyzyň täze 2023-nji ýyla bagtyýar gadamlary basmagy ilkinji günlerden bagtyýarlyk ýodalarynyň gapysyny açdy. Çünki “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýip, atlandyrylan bu ajaýyp ýylymyzda ýurdumyzyň günsaýyn ösüşlere beslenýän halky bagtyýarlygyň oňyn netijelerini görmäge başlady. Aýlyk haklarynyň hem- de talyp haklarynyň 10 göterim ýokarlanmagy bilen baglanyşykly hem-de ýaşlara berilýän goldawlar halkymyzy buýsandyrýar.

Her bir ýaş hünärmeniň öz ýerinde durup, ýurdumyzda geçirilýän milli maksatnamalarymyza hem-de ýurdumyzyň ösüşlerinde özleriniň oňyn goşantlaryny goşmaklary döwletimiz bilen birlikde ene- atalaryň hem başyny göge ýetirýär. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmek üçin maksatnamalaýyn işleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigine, ähli pudaklarda ýokary ösüş depginleriniň gazanylýandygyna aýratyn üns berilýär.Bu ýerde hem ýaşlaryň öz ornunyň bolmagy bu ýylyň ady bilen baglanşykly ösüşlerde ädimleri batlydygyny alamatlandyrýan nyşanlardyr.

Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň 10 göterim artdyrylan möçberi hem talyp ýaşlaryň we olaryň ene- atalarynyň buýsanjyny artdyrýar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde senagat hem-de önümçilik desgalarynyň, iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygynda hem ýaşlaryň zähmet çekýändigi biziň ýurdumyzda ýaş nesliň Watanymyzyň ösüşlerine uly goşant goşýandygynyň alamatydyr.Ýaş aýdymçylar, sazandalar, çagalar tans toparlary ýylymyzy beýle atlandyrylmagy bilen baglanşykly çykyşlar edip, öz buýsanç duýgylaryny beýan etdiler. Munuň özi bagtyýarlyk ýurdunda edilýän işleriň giň gerimli alnyp barylýandygyny alamatlandyrýar.

Nesilleriň bagtyýarlygyny, agzybirligini hem-de ajaýyp dessurlaryň ýola goýulmagy ýurdumyzda ýaş nesle uly üns berilýändiginiň alamatydyr.Aýdyň maksatlar, uly umytlar bilen garşy alýan täze ýylymyzyň parahatçylygyň, il-ýurt bähbitli uly üstünlikleriň, tutumly işleriň ýyly boljakdygyna ynam bildirdi.Türkmen halkynyň belent ahlak ýörelgelerinden ugur alnyp, döwletimizde ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn ösmegi, döredijilik ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli şertler döredilýär.

Ýylymyzyň ady bilen baglanşykly buýsançly sözleri biz ýaşlaryň döredijiliginde ,olaryň zähmet joşgunlarynda hem- de hyjuwlarynda görýäris. Munuň özi bu ajaýyp, bereketli ,rysgally ýylda ediljek işleriň maýasydygyny görkezýär. 2023-nji ýyl beýik üstünlikleriň ýolundaky ilkinji ädimlerini ätdi.Bu bolsa, halka goýulýan uly hormaty alamatlandyrýar. Ýurdumyzyň ýaş, hyjuwly raýatlarynyň döredijilikli zähmetleri netijesinde bagtyýarlyk ýollary öňküsinden has-da aýdyňlanýar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda bu ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçer. Munuň özi halkymyzyň jebisligini, ýaş nesillerimiziň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny goldaýandygyny aýdyň görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz täzeden-täze sepgitlere ýetýär.

Muhammetguly Sapargeldiýew,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

 

 

 

Ýene-de okaň

Sarpasy belent bedewler

Ata Watan Eserleri

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün