JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Berlen maglumata görä, iki ýurduň döwlet Baştutanlary energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

– Döwlet Baştutanlary türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynda gazanylan derejä kanagatlanma bildirip, energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda anyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň iýun aýynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak boýunça jarnama gol çekdiler.

Resminama laýyklykda taraplar energetika pudagynda, şol sanda nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem, ikitaraplaýyn we üstaşyr gatnawy köpeltmek we logistikany ösdürmek maksady bilen bilelikde tagallalar edilýär.

Related posts

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi: Gol çekilen resminamalar

Orta Asya-Japonya Dışişleri Bakanları Toplantısı, Aşkabat’ta yapıldı

vepa

Koronawirus ýokanjynyň öňüni almak üçin Türkmenistanyň çäreleri

Dr.Döwran Orazgylyjov

Leave a Comment