Türkmen tebigaty gudrat hazynasyna meňzeýär. Çünki her bir toprak garşynyň astyndan, üstünden önýän önümler, gazylyp alynýan baýlyklar biziň ýurdumyzyň ykdysady derejesiniň üstünliklerini artdyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen edilýän işler, bu ugurda döredilýän mümkinçilikler gelejegiň has-da ýokary derejede ösjek ykdysady mümkinçiliklerinden habar berýär.
Türkmen topragynyň has çuň gatlarynda uly galyňlykdaky çöketliklerde gaz toplumlarynyy ýygnap siňdiriji kollektorlaryň bolmagy, şeýle-de tebigy gazlaryň ýeriň iň çuň gatlarynda gizlenip durmagy we olaryň her ýylda birnäçe ýataklarynyň üstüniň açylmagy biziň topragymyzyň gymmatly baýlyklara öwrülen hazynadygyny subut edýän mysallardyr. Ýurdumyzda nebitgaz ugry boýunça alnyp barylýan işleriň sanlaşdyrylmagy netijesinde, halkara gatnaşyklaryň ykdysady ölçeginde ol önümlere bolan islegleriň ýokarlanmagy netijesinde, nebitgaz pudagy uly depginler bilen ösýär.
Hazar deňziniň türkmen ýalpaklary, Garabogaz kölüniň töwerekleri, Günbatar Türkmenistan çöketligi, Köpetdag etekleri, Merkezi Garagum bu ajaýyp ýerlere mysaldyr. Şol bir wagtyň özünde nebit we gaz önümleriniň halkymyz üçin elýeterli bolmagyny gazanmak hem durmuş üpjünçiliginde edilýän işleriň hataryna girýär. Ýagny Türkmenistan döwletimizde ýangyjyň bahasynyň elýeterli bolmagy, şeýle-de ykdysady netijeliligi gazanmakda dünýäniň çar künji bilen iş salyşmak meselesinde dostanalyk ýoly bilen ykdysady üstünligi gazanmagy hem görelde alarlykdyr. Muňa mysal Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijileriniň işini ýola goýulmagy bilen alnyp barylýan işleriň üstünlikli aýratynlygyny bellemek bolar. Taslamalaryň ýene biri hem Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň energetika ulgamynda Türkmenistanyň eýeleýän ornunyň ýokarylygydyr.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýurdumyzda nebit we gaz, energetika ulgamy boýunça geçiriljek işlerde iň uly üstünlikler hemra bolmagyna garaşylýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň oňyn başlangyçlary bilen täze ýylymyzyň üstünliklere baý boljak ýyly bolmagyna diňe işewürlik hem- de dostanalyk uly basgançak bolup biler. Bu bolsa, türkmen halkynyň tebigatynda bar.
Gyzylgül Işangulyýewa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Geologiýa fakultetiniň Dag işleri kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby.
