SPORT

Wegorst “Mançester Ýunaýted” toparyna geçdi

Angliýanyň “Bernli” toparynyň hüjümçisi niderlandly Waut Wergost “Mançester Ýunaýted” toparyna kärendesine berildi. Ol şu möwsümiň birinji böleginde Türkiýäniň “Beşiktaş” toparynda kärendesine oýnapdy.

Waut Wergost dünýä çempionatynda Argentinanyň derwezesine 2 gol geçirip, has meşhur bolupdy. Ol “Mançester Ýunaýted” ýaly güýçli toparda çykyş etmekden gaty hoşal bolandygyny belläp, Erik ten Hagyň ýolbaşçylygyndaky bu toparyň soňky döwürde netijeli çykyş edýändigini belledi.

30 ýaşyndaky hüjümçi möwsümiň birinji bölegini “Beşiktaş” toparynda oýnap, 18 duşuşykda 9 gol geçirdi. Türk topary bilen şertnamanyň ýatyrylmagy üçin 2.8 million ýewro öwez tölegi berildi.

Ýene-de okaň

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy