SPORT

“Mançester” derbisinde “Ýunaýted” ýeňiş gazandy

Şu gün Angliýanyň milli çempionatynyň 20-nji tapgyrynda “Mançester” derbisi geçirildi. Onda “Mançester Ýunaýted” topary öz meýdançasynda “Old Trafford” stadionynda “Mançester Siti” toparyny kabul etdi.

Duşuşygyň birinji ýarymy 0:0 tamamlandy. Oýnuň 2-nji ýarymynda 60-njy minutda Jek Griliş bilen “Mançester Siti” topary öňe saýlandy.

Emma “Ýunaýted” topary birjikde ruhdan düşmän 78-nji minutda Bruno Fernandes hem-de 82-nji minutda Markos Raşforduň gollary bilen 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Bassyr 5 duşuşykdan bäri ýeňiş gazanyp gelýän “Mançester Ýunaýted” topary 38 utuk bilen, çempionatda 3-nji orny eýeledi.

Çempionatda ikinji orundaky “Mançester Siti” toparynyň 39 utugy bar.

Häzirki wagtda Angliýanyň milli çempionatynda “Arsenal” topary netijeli çykyş edip, 1 duşuşyk az oýnap, 44 utuk bilen birinji orunda barýar.

Related posts

Çempionlar ligasynyň bijeleri: Messi bilen Ronaldo bir toparda

Grizmann “Barselonada” galýar

Olimpiýa oýunlarynda düzgünleri bozanlar ýurtdan çykarylyp bilner

Leave a Comment