SPORT

Jokowiç 92-nji kubogyny gazandy

Tennis dünýäsiniň ýyldyzlaryndan serbiýaly Nowak Jokowiç Awstraliýanyň Adelaide şäherinde geçirilen halkara ýaryşda ýeňiji bolup, 92-nji kubogyny gazandy. Ol bu ýaryşyň finalynda Sebaýstýan Kordy 3 döwde ýeňmegi başardy.

Şeýlelikde, serbiýaly tennisçi karýerasyndaky 92-nji kubogyny gazandy. Ol bu görkeziji boýunça Rafael Nadal nilen deňleşdi.

Tennis dünýäsinde erkekleriň arasynda iň köp kubok gazanan türgenler Iwan Lendl (94), Rožer Federer (103) we Jimmi Konnors (109) ýaly türgenlerdir.

Geçen ýylyň sentýabryndan bäri Jokowiç geçiren 24 duşuşygynyň 23-inde ýeňiş gazandy. Ol Awstraliýada 2018-nji ýyldan bäri ýeňilmän gelýär.

Related posts

Messi we Suares Madridde duşuşdy. Sebäbi …

Microsoft kompaniýasynyñ gulaklygy ýewropa ýurtlarynda satuwa çykarylar

Çempionlar ligasy: “Real” – “Mançester Siti” we “Milan” derbisi

Leave a Comment