SPORT

Ronaldo ahyry “Al-Nasr” toparyna geçdi

Portugaliýanyň ýyldyz hüjümçisi Kristiano Ronaldo mundan soňra karýerasyny Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynda dowam eder. 37 ýaşly futbolçy bilen saud toparynyňda arasynda şertnama baglaşyldy.

“Al-Nasr” topary Ronaldonyň topary saýlandygy üçin gaty hoşal. Toparyň beren beýanatyna görä, bu taryh ýazmakdan has köp zat. Bu gl çekişlik biziň toparymyzy ruhlandyrman, eýsem has uly üstünlikler gazanmaga iterer. Geljekki oglan-gyzlar üçin ruhlandyryjy güýç bolar, diýlip bellenilýär.

“Kristiano, täze öýüňe “Al-Nasr” toparyna hoş geldiň” – diýlip, toparyň “Instagram” jemgyýetçilik torunda mälim edilýär.

Ozal habar berlişine görä, Ronaldo bu topar bilen 2025-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşar. Onuň ýyllyk zähmet haky 75 million dollar, 200 million dollar bolsa, täjirçilik we ilçi wezipesini amala aşyrmak babatda gazanýan girdejisindne ybarat bolar.

Ronaldonyň sňky futbol oýnan topary “Mançester Ýunaýted” topary bolupdy. Bu topar bilen dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda şertnamasyny wagtyndan öň ýatyrypdy.

Related posts

“CAFA Nations Cup”: ikinji tapgyryň duşuşyklary geçirildi

Neýmar geljegi barada karar berdi

Saud topary futbol taryhynyň rekordyna şärik boldy

Leave a Comment